Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasdan, akyldan we nakyldan şeýle-de nakyla, aforizme öwrülen jümlelerden doly, durmuşyň köp tarapyny öz içine alýan, sünnälenip, taraşlanyp, ýokary çeperçilik bilen tapawutlanýan ajaýyp goşgulary diňe Gündogaryň medeni mirasyna däl, eýsem türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan örän gymmatly goşandydyr. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler.
Magtymguly: “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» diýen nakyla ýüregi bilen berlip, şol pikire uýup ýaşan şahyr. Ol öz ýurduny, onuň adamlaryny jany-teni bilen söýýär. Halkyň agyr hal-ýagdaýyna «bagyr gözýaşyny» dideden dökýär. Magtymgulynyň döredijiligi örän köptaraply. Onuň durmuşda ýüzlenmedik, gozgamadyk meselesi ýok. Onuň goşgulary kyn şertde ýaşaýan döwürdeşlerini ruhlandyrypdyr, olarda kynçylyga garamazdan, durmuşa, ýaşaýşa söýgi döredipdir. Elbetde, Magtymgulynyň şeýle tanymal, meşhur bolmagynda atasy Döwletmämmet Azadynyň tutýan orny örän uludyr. Azady obada oglan okatmak bilen meşgullanyp ýören ahun adam. Ylym-bilimden ýüki ýetik alym şahyr. Ol Magtymgulynyň zehinini, okuwa, ylma höwesini anyklanyndan soň, onuň ykjam aladasyny eden bolmaly. Öz bilýänini öwretmek, kitap bilen üpjün etmek juda uly zatdyr. Şeýle-de, ol ogluna arap, pars, türk dillerini hem öwredipdir. Magtymguly bu dilleri suwara bilipdir. Oba bilimi geljekki meşhurlygyň gory, esasy bolup durýar. Oba bilimi Magtymgulyny kanagatlandyryp biljek däl, golaýda hem uly mekdep, medrese ýok. Şonuň üçin Magtymguly atasynyň tagallasy bilen Halaçdaky Idris baba medresesine okuwa gelýär. Bu ýerde Magtymguly ylym taýdan has-da kämilleşýär, düşünjesi, gözýetimi giňeýär. Ol medresede Gündogaryň taryhyna, edebiýatyna, filosofiýasyna we beýleki ylymlara degişli, materiallar, kitaplar bilen içgin tanyşýar. Bu bolsa onuň ylym bilen içgin gyzyklanmagyna itergi berýär. Soňra ol Buharanyň Gögeldaş medresine baryp, bir ýyl gowrak okaýar.
On sekizinji asyrda Hywa Orta Aziýada ylmy ojaklaryň merkezi hasaplanýardy. Magtymguly Hywa baryp, Şirgazy medresinde ylym almaklygy dowam etdirýär. Ol az wagtyň içinde medresede iň ökde, göreldeli talyp hökmünde tanalýar. Magtymguly medresede okap ýören döwründe Gündogaryň Firdöwsi, Omar Haýýam, Rudaky, Muizzi, Enweri, Jelaleddin Rumy, Sagdy, Mahmyt Pälwan, Nyzamy. Hapyz, Nesimi, Zamy, Nowaýy, Fuzuly ýaly şahyrlarynyň goşgularyny okap özleşdiripdir. Ol diňe bir çeper eserleri okamak bilen çäklenmän, Gündogaryň al-Faraby, al-Biruny, Muhammet al-Horezmi, Ibn Sina, Ulugbeg ýaly alymlarynyň ylmy işlerini okap öwrenipdir we özleşdiripdir.
Magtymguly diňe bir edebiýat, taryh, logika, filosofiýa ýaly ylymlar bilen çäklenmändir. Ol himiýa, fizika, botanika, geografiýa, medisina, astronomiýa, matematika, ritorika ýaly ylymlardan hem gowy baş çykarypdyr. Muňa onuň «Diwanyny» okap çykanyňda ýagşy göz ýetirýärsiň. Bu bolsa, şahyryň öz döwründäki bu ugurlara degişli ylmy kitaplary okap, özleşdirendigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň döredijiligini dürli pudaklaryň alymlary ylmy nukdaýnazardan öwrenseler, derňew-seljeriş işlerini alyp barsalar gyzykly we täsirli açyşlaryň üstünden barlardy.
Jahan HAÝYTBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.