Gara Seýitliýew türkmen poeziýa äleminiň we aýdym sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan şahyr. Onuň döredijiligi umman ýaly giň hem çuň. Şahyryň döredijiliginde dost-doganlyk, Watana söýgi, adamkärçilik, ahlak päkligi, tutanýerlilik ýaly ynsanyň inçe duýgulary örboýuna galýar.
Gara Seýitliýewiň goşgulary täsirliligi, ýürege ýakynlygy bilen okyjylarda aýratyn ýakymly täsir galdyrýar. Bu goşgular ynsan ogluny ynsanperwerlige, adamkärçilige, watansöýüjilige, bagtly geljege, halal zähmete, päklige çagyrýar. Şeýle ajaýyplyklara ýugrulan bu goşgular ynsan kalbyny maýyl edýär. Şahyryň döreden goşgulary turuwbaşdan türkmen poeziýasynyň akymyna goşulyp, onuň kämilleşmegine uly ýardam etdi.
Görnükli şahyr Gara Seýitliýewiň şygyrlary şirin labyza ýugrulandyr. Şahyryň döreden her bir goşgusynda durmuşa bolan söýgini, gözellige teşneligi ruhubelentligi, arassa ahlagyň ündewini duýmak bolýar. Şahyryň goşgularynyň köpüsi döwrüniň pähim eleginde elenip, döwrüň synagyndan geçip biziň günlerimize ýeten eserler.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow şahyr Gara Seýitliýewiň döredijiligine: «Gara Seýitliýewiň döredijiliginde kimiň täsiri duýulýar? Elbetde, men bu sowala kesgitli jogap berip, edebi tankydymyzyň bu uly ýetmezini doldurmagy üstüme almaýaryn. Emma men Gara Seýitliýewiň döredijiliginde Magtymgulynyň ynsanperwerliginiň, Mollanepesiň otly söýgüsiniň, Nyzamynyň ýokary ahlaklylygynyň, Samed Wurgunyň çuňňur romantikasynyň täsirini has köp duýýaryn» — diýip uly baha berýär.
Dogrudan hem şahyryň köptaraply döredijiligini okanyňda onda ummasyz ylham, beýik guwanç, durmuşa söýgi, agraslyk, pähimlilik, tebigy gözellik örboýuna galýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow kärdeşi Gara Seýitliýewiň eserlerini «Türkmenistanyň poeziýa ensiklopediýasy» diýip atlandyrdy.
Şahyryň ähli şygyrlaryna akgynly heň mahsus. Belki-de şonuň üçinem şahyryň goşgulary aýdym sungaty bilen iň gowy gatnaşykdaky döredijilikdir. Edil sazanda ýaly saza oňat düşünen Gara Seýitliýewiň şygyrlary aýdyma gaty gelüwli. Şol şygyrlar ülkämiziň kompozitorlarynyň köpüsini aýdym döretmäge ruhlandyrdy. Zehinleriň birleşmegi netijesinde dörän şeýle aýdymlar bolsa halkyň söýgisini gazandy. Olaryň köpüsi indi halk aýdymlary ýaly il içinde giňden ýaýrady. On iki synasy aýdymdan doly döredijiligi bilen Gara Seýitliýew aýdymçy şahyrlaryň kerwenbaşysyna öwrüldi. Ol il içinde iň köp aýdym ýazan şahyr hökmünde tanalýar. Gara Seýitliýewiň döredijiligine Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, Nury Halmämmedow, Nury Muhadow, Çary Nurymow, Hydyr Allanurow, Aman Agajykow, Rejep Gutlyýew, Baýramdurdy Hudaýnazarow… ýaly kompozitorlar aýdym döretdiler. Şahyryň sözlerine has köp eserleri döreden kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowdyr. Şahyryň mazmuna baý goşgulary, olaryň ýiti şahyranalygy, özboluşly aýratynlyklary, ussat kompozitory hemişe özüne çekipdir. Şeýlelikde ençeme ilhalar aýdymlar peýda bolýar.
Hakykatdanam türkmen aýdym-saz sungatynyň eserleriniň ençemesi hut şu iki ussadyň joşgunly hyzmatdaşlygy netijesinde dünýä indi. Şahyryň belent labyza ýugrulan «Balykçynyň aýdymy», «Gözel Pöwrize», «Joş kanalym», «Hally gözel», «Täzegül», «Gyzlar», «Näzlim uz maňa», «Bagt lälesin kakan gyz», «Aşgabat», «Leýla» ýaly ajaýyp aýdymlary il bilen uzak ýollar aşan aýdymlar.
Kompozitor Aman Agajykow Gara Seýitliýewiň sözleri esasynda aýdym-saz muşdaklarynyň göwnünden turan ençeme aýdymlar döretdi. Onuň «Süýji arzuwlar» diýen aýdymy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Onsoňam bu aýdymy gudrat bolup dörän aýdymçy Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetirmegi «Süýji arzuwlary» meşhur aýdymlaryň hataryna goşdy. Bulardan başga-da şahyryň sözlerine iň gadymdan gelýän saz sungatymyz bolan wokal žanrynyň ösmegine goşant bolan «Guwlar gelipdir», «Hindi gyzy», «Parahatlyk aýdymy», «Azat iller oýnaýar», «Bahar mukamy», «Illerimiz», «Läle», «Owadan» ýaly ençeme aýdymlary ýazdy.
Aly GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.