
18-nji maýda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.
Ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar. Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Parla, ýaşyl tugum!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda döwletimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan hem-de halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşyl tugumyz wasp edilýär. “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetiren “Arkadagly Serdarymyz, jebisdiris daşyňyzda!” atly kompozisiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi.
«TürkmenGazet».



