Habarlar

Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy

19-05-2023 / 5068

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Täze ýaşaýyş jaýyny ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Kerwenli dowamat” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdi. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlary üçin niýetlenendigini bellemeli. 

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu