Habarlar

Kazan şäherinde halkara ykdysady forum geçirilýär

17-05-2023 / 7

18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy geçirilýär. Halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekillerini, diplomatlary, syýasatçylary, maýadarlary we telekeçileri özünde birleşdirjek halkara foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde-de bellenildi.  

Kazanda geçiriljek sammitde Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda demir ýol hem-de ulag gurluşyk meýilnamalary babatdaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Kazan forumynyň çäklerinde ««Russia Halal EXPO» gözden geçirilişiniň we «Kazan EXPO» halkara sergi merkezinde maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisiniň, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda «Russia Halal Market» ýarmarkasynyň, şonuň ýaly-da yslam dünýäsiniň aşpezleriniň aşhana sergisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu