Habarlar

Döredijilik wekiliýeti Eýrana zyýarata ugrady

17-05-2023 / 8

17-nji maýda Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym-bilim, işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, il sylagly ýaşulularyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarata ugrady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

17 – 19-njy maý aralygynda amala aşyrylýan bu zyýarat sapary ata-babalarymyzyň öten-geçenleri hatyralamak ýörelgesinden ugur alyp, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda guralýar.

Zyýaraty baý many-mazmunly, täsirli we guramaçylykly geçirmek  maksady bilen ýörite meýilnama taýýarlanypdyr. Şonuň esasynda, zyýaratçylar saparyň birinji güni Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna geldiler.

Günüň ikinji ýarymynda zyýaratçylar Balkan welaýatynyň Etrek etrabyna geldiler.

Döredijilik sapary dowam edýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu