Asyrlaryň dowamynda itler adamlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, olaryň üm-hereketlerine düşünip gelipdirler. Emma bu özboluşly ukybyň nähili ýol bilen kemala gelýändigi henize çenli nämälimligine galýardy.
Arizona uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren ylmy gözegçiliginiň netijesinde, itleriň bu endikleriniň ýyllaryň dowamynda ýüze çykman, eýsem, dogabitdi häsiýete eýedigi hakynda aýdylýar.
Tejribäniň dowamynda hünärmenler adam garasyny görmedik, doglanyna sekiz hepde bolan 375 güjükde synag geçirdiler. Alymlar geljekde bu ukyplary ýüze çykarýan aýratyn genleri düýpli öwrenmegi maksat edinýärler.
Husinbaý SABUROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.