
16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.
Aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn nygtaldy.
«TürkmenGazet».



