SliderŽurnalistiň sahypasy

Täjik žurnalistikasyna syýahat

15-05-2023 / 10

Islendik bir ýurt barada giňişleýin maglumat bilmek üçin ýurduň žurnalistleriniň edýän işlerine göz aýlamak gerek. Çünki, žurnalist islendik wakanyň söz bilen suratyny çekip bilijilik ukybyna eýe bolan şahsyýetdir.

Täjigistan Respublikasynyň döredilmegi bilen birlikde döwürleýin neşirler hem peýda bolupdyr. 20-30-njy ýyllarda «Şurai enkilob», «Owazi tajik», «Owazi şarh», «Bederoi tajik», «Sowetikaý Tajikiston» ýaly birnäçe gazet-žurnallar neşir edilýär. Ýurtda 1950-nji ýyllarda takmynan 76 sany respublikan, welaýat, etrap gazetlertiniň köp tiražly görnüşleri çap edilýär. Täjigistanyň häzirki wagtda paýtagty Duşanbe bolup, respublika dörän wagty onuň paýtagty Stalinabat bolupdyr. Şol döwürler Stalinabatda radiostansiýalar we telewizion merkezi işleýär eken. Ýurduň radiosy 1920-nji ýylda, telewidenýesi bolsa 1959-njy ýylda öz işine başlapdyr. Gepleşikler 3 dilde bolup, täjik, rus we özbek dillerinde alnyp barylýar. Täjigistanda 4 sany hökümet gazeti bolup, olar «Çumhuriýat» we «Sadoi mardum» täjik dilinde, «Halk gazeti» rus dilinde, «Halk owazy» gazeti bolsa özbek dilinde neşir edilýär.

«Çumhuriýat» – täjik dilinde çykýan işewür we syýasy-jemgyýetçilik gündelik gazeti bolup durýar. Häzirki wagtda bu gazet Täjigistanyň hökümet gazeti hasaplanylýar. Gazetiň tematikasy ýurtda we sebitde bolup geçýän wakalar barada habar bermek, syýasy, ykdysady meseleleri seljermek we olara syn bermek, medeniýet, sport durmuşynyň täzelikleri ýaly dürli-dürli ugurlary öz içine alýar.

«Täjik owazy» – Özbegistanyň Daşkent şäherinde täjik dilinde neşir edilýän respublikan gazetdir. 1970-nji ýyllarda gazet  tiražy 35 müň ekzemplýar bolup, gazet hepdede 3 gezek  neşir edilipdir. «Täjik owazy» gazetiniň ilkinji sany Samarkantda «Owozi tojiki kambagal» ady bilen çap edilipdir. Wagtyň geçmegi bilen gaztiň ady ilkibada «Uzbekistoni suhri» soňra birnäçe gezek başga atlara üýtgedilip neşir edilipdir. Ýöne 1964-nji ýylda «Hakikati Uzbekiston» diýlip atlandyrylyp başlanýar. 1990-njy ýylyň başlarynda gazet häzirki zaman döwrebap ada eýe bolýar. Çünki bu gazetde belli täjik ýazyjysy bolan Sadriddin Aýni zähmet çekipdir.

Taýýarlan: Maksat REJEPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu