
13-nji maýda geçirilen «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyrynda 2023-nji ýylyň ýeňijisi diýlip, şwesiýaly aýdymçy Loreen yglan edildi.
Loreen “Tatu” aýdymy bilen köpçüligiň ses bermeginden soň jemi 583 utuk toplap, birinji orny eýelemegi başardy. Ikinji orunda bolsa 526 utuk bilen Finlýandiýa, Ysraýyl 362 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
Birnäçe gezek «Ýewrowideniýede» ýeňiji bolan ýeke-täk adam irlandiýaly Jonni Logandyr. Şwesiýa we Irlandiýa häzirki wagta çenli aýdym-saz bäsleşiginiň taryhynda iň köp «Ýewrowideniýe» ýeňişlerini gazanan ýurtlaryň ilkinjileridir. Netije yglan edilenden soň çykyş eden Loreen: “Bu gaty kyn. Men gaty begenýärin we minnetdar. Bu baýrak siziň üçin” diýdi.
Onuň ýeňşi, ABBA-nyň “Waterloo” bilen ýeňşinden 50 ýyl geçendej soň, Şwesiýanyň indiki ýyl bäsleşigini geçirjekdigini aňladýar.
«Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi BBC One arkaly ýaýlyma berlendir.
«TürkmenGazet».



