Siziň üçin...Slider

Iňlis dilini öwrenmegiň gyzykly we aňsat usullary

15-05-2023 / 6

Sesleri nädip öwrenmeli? Eger-de sabyryň we höwesiň ýetse – onda resmi lingafon kurslary(Cambridge, Oxford, olaryň onlarçasy bar). Eger ýok bolsa – onda aýdymlaryň üsti bilen. Aýdymlar her dürli bolup biler, esasy siz onuň sözlerini gaýtalap başlanyňyzda, siziň öňüňizde ol aýdymyň takyk sözleri bolmaly.

Indiki. Siz haýsy bolsa-da bir sözi eşidip ýazyň (bu sözüň manysyny düşünmeýän bolsaňyz-da) , öz adyňyzy, familiýaňyzy aýdyp görüň. Indiki tapgyr – predmet sözleriň we sanlaryň başky ýazylmagy. Sözleriň ýazylmasy her hili bolup bilýär, ýöne kada ýaly bolup garyndaş-durmuş temasyndan başlaýarlar. Sanlar bolsa ählisinde birmeňzeş.

Sözleri nädip öwrenmeli? Ähli usullar bilen öwrenip bolýar, esasy netije bolsa bolýar. Käbirine telefondaky programmalar göwünlerine ýaraýar, meselem Duoling. Yene-de, resmi kurslaram hem bar (meselem, English Vocabulary in Use – Cambridge). Sözli kartlaryň fiziki görnüşi hem bar – internetde ýazyň “English Vocabulary Flashcards”, printerden çykaryň, öwreniň.

Bu tapgyrda mende size iki täzelik bar. Gowusy – bu siziň ýokarda öwreneniňiz (harplyk, sesler, sözleriň ätiýaçlygy – predmetleriň we sanlaryň) hemişelik ýadyňyzda galmasa-da, örän köp wagta galar. Gowy däl täzelik: birinjiden, indi adaty ýadyňyza tutmak bilen bolmaýar, ikinjiden maksadyňyzy we höwesinizi belli ediň.

Nädip gürläp başlamaly? Diliň esasy baza tapgyrynda eýýäm gürläp synanyşsaň bolýa. Bir tarapdan, gürläp başlamany diliň ýagdaýy ýokarlanýança garaşsaň ýalňyş bolar, ikinji tarapdan, gürleýşiňi hem ýokarlandyrmajak bolsaň-da gowy däl. Esasy mesele – kim bilen gürleşmeli, bu ýerde hemme zat aýrybaşga, umumy maslahatym mende ýok.

Merjen TOÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu