Internet maglumatlaryna görä, dünýä meşhur Garward uniwersitetiniň alymlary pomidory iň peýdaly on önümiň hataryna goşýarlar. Sebäbi pomidorda beden üçin zerur bolan minerallardyr witaminleriň birnäçesi jemlenendir. Şu sebäpli olar has howply keselleriň öňüni almakda hem netijeli hasaplanylýar. Şeýle-de lukmanlar pomidoryň iýmit siňdirişi, maddalaryň çalyşmasyny kadaly ýagdaýda saklaýandygyny we nerw ulgamyny sazlaýandygyny belleýärler.
Häzirki wagtda pomidor önümçiligi zähmetkeş daýhanlarymyzyň esasy iş ugurlarynyň hataryndadyr. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde ýylyň islendik möwsüminde ak bazarlarymyz ähli gök önümler bilen birlikde, pomidoryň hem bol hasyly bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýerli haryt öndürijilerini goldamak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişine itergi bermek, daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlarynyň mukdaryny ep-esli azaltmak, öz önümçiligimizi artdyrmak babatda alyp barýan oňyn döwlet syýasaty barha rowaçlanýar. Türkmen telekeçileriniň ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana ulgamy arkaly öndürýän önümleri diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýedir.
Güneşe baý türkmen topragynda bitýän pomidor önümleriniň, olardan taýýarlanan üwmeçleriň, pomidor goýaltmasynyň, mürepbeleriň, şerbetdir şireleriň ýokary hilli görnüşleriniň ençeme mukdary daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu önümleriň dünýä müşderileriniň ösen isleglerini kanagatlandyrýandygyny bellemek gerek. Munuň özi edermen hasyl ussatlarymyzyň kämil tejribesiniň, päk zähmetiniň, ýurdumyzda oba hojalygynyň sazlaşykly ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň nyşanydyr.
Ýakytjan ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.