Ukrainada dowam edýän uruş sebäpli şu ýyl Angliýanyň Liwerpul şäherinde geçirilen 67-nji Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň finalistleri yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl aýdym bäsleşiginiň ýeňijisi Ukraina bolupdy.
67-nji gezek geçirilen ýaryşyň ilkinji ýarym finaly 10-njy maýda geçirildi. 37 ýurduň sungat ussatlarynyň bäsleşen bäsleşiginde ilkinji 10-luga çykanlaryň sanawy mälim edildi. Final tapgyryna Norwegiýa, Şwesiýa, Finlýandiýa, Serbiýa, Moldowa, Portugaliýa, Ysraýyl, Çehiýa, Horwatiýa we Şweýsariýa çykmagy başardy.
Iňlis aýdymçysy Rita Ora şüweleňli agşamda joşgunly aýdymlary bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi.
Aýdym-saz bäsleşiginiň 1-nji tapgyryndan pursatlar:
«TürkmenGazet».