
Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän iň uly delil 1949-njy ýylda rus arheology Rudenko tarapyndan Daglyk Altaýyň doňaklyklarynda Pazyryk depede çarwa taýpalarynyň (skifleriň-hunlaryň) guburyndan tapylan «Pazyryk halysydyr». Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» kitabynda gadymy Pazyryk halysy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Onuň gadymy halydygy we onuň türkmenlere degişlidigi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.
Häzir bu ajaýyp eser Sankt-Peterburgyň Ermitažynda saklanylýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, Pazyryk halysy biziň eýýamymyzdan öň V asyrda çarwa hun taýpalary tarapyndan dokalypdyr. Onuň häzirki güne çenli ýetip gelmeginiň sebäbi doňaklykda, buzlukda saklanylanlygydyr. Bu halynyň häzirkizaman türkmen halylarynyňky ýaly gyzyl ýerligi, reňk öwüşginleri we nagyşlarynyň takyk geometrik çyzgylary bar.
Suraý ORAZSEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



