Siziň üçin...Slider

Türkmen boýagşynaslyk sungaty

14-05-2023 / 26

Taryhy  maglumatlarda  bellenilişi ýaly, Günorta  Türkmenistanda, ýagny  Jeýtunda  ilkinji  nagyşlaryň iň  ýönekeýje  görnüşi  ýüze çykyp ugrapdyr. Boýag ösümliklerini ýakyp,  külüni ýaga garyp,  boýag  almagyň  hötdesinden  gelipdirler. 

Jeýtun  medeniýeti  döwründen  öz gözbaşyny alyp gaýdýan  boýagçylyk senedi Altyndepe medeniýetinde ösüp,  gadymy  Horezmde, Marguşda has  kämilleşip, boýaglaryň  hili  gowulanypdyr we reňk görnüşi artypdyr.  Bu bolsa türkmen topragynyň ösümliklere baýlygy  bilen  bir hatarda,  olary  öz hojalyk  durmuşynda  hem giňden  ulanmagy başarandygyny görkezýär. V asyrda  ýaşap geçen  Gerodot:  „Ol  ýerleriň  tokaýlarynda  (Türkmenistanyň  çäklerinde)  üýtgeşik ýapraklar bilen örtülen  agaç bar.  Ýerli ilat  şol  agajyň  ýapragyny owradyp,  suw goşup, boýag  alýar. Ol boýaglar arkaly dokalan  haly  asla könelmeýär“ diýip ýazýar. Mundan başga „Awesta“ kitabynda hem 100-den  gowrak  boýag ösümlikleri hakda bellenilip geçilýär. Şeýlelikde, türkmen topragynda bitýän boýag ösümlikleriniň  ýüplere reňk  bermekde gaty irki döwürlerden gözbaş alýandygyny  görmek bolýar. Sebäbi dokmaçylygyň, mata önümleriniň ýüze çykmagy bilen  ýüpleri reňklemek zerurlygy ýüze çykypdyr. Şeýlelik bilen, türkmen topragynyň  boýag  önümlerine  baý bolmagy,  ussat  boýagşynaslaryň  kemala gelmegi halydyr mata önümleriniň hiç bir halkyňka meňzemeýän reňk öwüşginleriniň sazlaşygynyň inçelik bilen işlenilmegine we  düzülmegine ýol açypdyr.

Taryhy maglumatlara görä, b.e. öňki  XIV asyrda  alkanda  ösümliginiň köki Müsürde, Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda boýag ösümligi hökmünde giňden  ulanylypdyr. Bu ösümlik boýag zyýansyzlygy üçin ýüňe, ýüpege hem-de  dermanlara reňk bermekde ulanylýar. Alkanda ösümliginiň köki gyzyl reňkiň dürli öwüşginini almak üçin hyzmat edipdir.

Boýagçylyk sungatynda, reňk saklaýjylykda meşhurlyk gazanan nil reňki  hem ýüpleri, ýüpekleri  boýamakda giňden ulanylypdyr. Ilkinji gezek nil reňki Kyrkgyz gowagynyň jülgesinde ýerleşýän pisse tokaýlygyndan alnypdyr. Nil pisse  miwesiniň gabygyndan alnyp, ol beýleki reňkler bilen garyşmaýar.

Mundan başga-da syýak ösümliginiň gülünden sary reňkiň dürli  görnüşlerini almak bolýar. Kyrkbognuň kökünden gök reňki, şelun ösümliginden  sary-gök reňki alypdyrlar. Bulardan başga-da boýagşynas zenanlarymyz çöpboýanyň kökünden we miwesinden, ýüzärligiň dänesinden, hoz agajynyň  miwesiniň gabygyndan, sary çöpüň gülünden, naryň miwesiniň gabygyndan, tut  agajyndan, gara çöpüň dänesinden, kerkawyň  ýapragyndan, üzümiň  ýapragyndan dürli boýaglary alypdyrlar.

Geçmişde  boýagşynaslar ýüpi boýamazdan ozal ýüpi ajy ýa-da  soganyň  suwunda ýatyrmak  usullaryny  ulanypdyrlar. Şeýle  edilende  ýüpüň  reňki  gowy alypdyr, reňkiň öwüşgini owadan, alnan reňkler durnukly we solmazak bolupdyr. Ajyny taýýarlamakda bolsa zäk bilen bugdaý, arpa we  jöwen dänesinden alnan undan ýugrulyp taýýarlanan ajy hamyr ulanylypdyr. Ýüpi  ajyda  ýatyrmagyň  möhleti ýüpüň alýan reňkine bagly bolup, ol bir hepdeden 40 güne  çenli  dowam  edipdir. Ýüplügiň has berk bolmagy üçin pissäniň gara tegmilli  ýapragyny ulanypdyrlar. Boýag boýamagyň inçe syrlary nesilden-nesle geçipdir. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda ösýän ösümliklerden dürli reňkleri almagy  başarypdyrlar.

Gözel ÝEGENDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu