
Gülälegiň ýer ýüzünde 100-den gowrak görnüşi bardyr. Onuň Russiýa Federasiýasy, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýerlerinde 75 görnüşine, güneşli Diýarymyzda 5 görnüşine duş gelmek bolýar.
Gülälek dünýäde juda giň ýaýramak bilen Hytaý, Hindistan, Owganystan, Merkezi Aziýa ýaly ýerlerde bitýär. Gülälek, esasan, gury ýerlere — sähralyklara, dag eteklerine, çöllük we ýarymçöllük ýerlere mahsus ösümlikdir. Hususan-da, Günorta we Merkezi Aziýada, Demirgazyk Amerikanyň günorta böleklerinde, Ýewropanyň hem merkezi we günorta böleklerinde, Awstraliýada, hatda ýagtylygy hem ýylylygy söýýänligine garamazdan, subarktik ýerlerde hem ösüp ýetişýär. Güneşli Türkmenistanyň köp ýerlerinde bolsa bu ösümlik, esasan-da, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi we Gündogar Köpetdagyň çäklerinde, Köýtendagda we Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäklerinde ýaýran.

Biziň ýurdumyzda gülälek açyk gyzyl reňkde, emma dünýäniň dürli künjeklerinde ol ak, gara, mämişi, sary, gülgüne reňklerde duşýar.
Tohumy arkaly köpelýän bu ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär. Dünýä ýüzünde onuň birýyllyk, ikiýyllyk, köpýyllyk görnüşlerine duş gelmek bolýar. Bu ösümligiň dört we ondanam köp ýaprakly görnüşleri bolup, ýapragynyň ýylmanaklygy we tüýjümekligi bilen tapawutlanýan görnüşleri-de bar.
Bibiäşe JUMAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



