SliderŽurnalistiň sahypasy

Garagumyň genji-hazynasy

14-05-2023 / 28

Mukaddes türkmen topragy hiç bir ýurduňka meňzemeýän tebigat gözelligi, ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Garagum çöli giň meýdany tutýar. Bu ýerde jöwza yssa we gyşyň aňzak sowugyna çydamly sazak, sözen, gandym, borjak ýaly ençeme çöl ösümlikleri ýetişýär. Garagum çölünde sazagyň iki görnüşi, ýagny gara  sazak (ojar) we ak sazak has köp duş gelýär. Sazaklar selmeler maşgalasynyň wekilidir. Gara sazaklar şorlaşan ýerlerde, gum gerişleriniň arasyndaky çöketliklerde, takyrlarda ösýärler. Olaryň ortaça beýikligi 6-8 metre ýetýär. Pürleriniň goýy-ýaşyl öwüşgin berýändigi üçin  gara sazak diýilýär.

Ak sazaklar çöllükleriň depeli, keşli böleklerinde, tekizliklerinde gowy ösýärler. Ak sazaklar gyrymsy ösümlikdir. Olaryň boýy 3-5 metre barabardyr. Pürleri agymtyl — ýaşyl bolup görünýär, şonuň üçin olara ak sazak diýilýär. Sazaklaryň esasy sütünleri, köplenç ýagdaýlarda, egri bolup, olar egrem-bugram bolup ösýän birnäçe goşmaça baldaklary emele getirýärler.

Sazaklaryň ortaça ýaşy 25-60 ýyl töweregi diýlip hasplanýar, ýöne käwagt olaryň 100 ýyla çenli ýaşaýanlaryna hem gabat gelmek bolýar. Gara sazagyň püri göze ilmeýän ownujak ýaşyl güberjekleri emele getirýär, şeýle görnüşli ýaprajyklar ösümligiň düzümindäki suwlaryň örän ujypsyz mukdarda bugarmagyny üpjün edýär. Suwuň aglaba bölegini sazaklar öz baldagynda saklaýar. Şeýle bolansoň, tomsuň jöwzasy hem, epgek ýeller hem bu sazaklara täsirini ýetirip bilmeýär.

Gara we ak sazaklar aprel, maý aýlarynda gülläp, sentýabrda we oktýabrda tohumlaýarlar. Olaryň tohumlary noýabryň başlarynda düşüp gutarýar. Şol wagt olaryň tohumlary ekmek üçin ýygylýar. Ekiş möwsümi ir baharda we güýzüň ahyrlarynda dowam edýär. Gögerip çykan ýaş nahaljyklar ýagtylygy, ýylylygy has gowy görýärler. Kölegä ekilen sazaklar gowşak bolup, ösüşden galýarlar. Ekilen sazaklaryň boýy ýylyň dowamynda 50-60 santimetre barabar bolýar. Suwy az talap edýär. Gyşda galyň garyň uzak wagtlap eremän duran wagtlary sazaklaryň pürleri jerenlere, çöldäki dowarlara, düýelere iýmit bolup hyzmat edýär. Sazaklaryň güýçli kök ulgamlary süýşýän çägeleri berkidýär. Garagum çölüni böwsüp geçýän suw akabalaryny, demir hem-de gara ýollary süýşýän çägeleriň basmagyndan goramak derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Şol sebäpli bu desgalaryň gyralaryna sazak, gandym ýaly suwy az mukdarda talap edýän,  yssa çydamly çöl ösümlikleri ekilýär. Munuň özi ajaýyp tebigatymyzyň gözelligini we sazlaşygy gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu