
“Facebook” we “Meta”-ny esaslandyryjy Mark Zukerberg ilkinji gezek gatnaşan “Jiu Jitsu” ýaryşynda altyn we kümüş medallaryna eýe boldy. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.
Geçen ýyl söweş sungaty bilen meşgullanyp başlan 38 ýaşly milliarder telekeçi ýaryşlarda iki ýeňil bölümde medal gazanmagy başarypdy.
Zukerberg gazanan üstünligi barada: “Bu barada gaty ýönekeý bir zat bar, ýöne sebabini bilemok. Bu sport bilem meşgullanmags başlanymdan bäri täze-täze adamlar bilen tanyş boldum. Biz bilelikde türgenleşýäris we bilelikde göreşýäris. Halaýan belli bir intensiwligim bar”-diýdi.
«TürkmenGazet».



