Siziň üçin...Slider

Göreş — toýuň ýaraşygy

12-05-2023 / 23

Türkmen milli göreşinde don, gyýma balak, milli köýnek we guşak ulanylýar. Sportuň bu görnüşi gadymy döwürlerde hem halkymyzyň durmuşynda giň ornaşypdyr we ençeme güýçli pälwanlar döräpdir.

Türkmen milli göreşinde yz galdyran şahsyýetleriň biri hem Annandurdy Ýagsoran pälwandyr. Halk arasynda onuň “Ýagsoran” lakamy ýörgünli bolupdyr. Ol 1872-nji ýylda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Çat diýen ýerinde eneden dogulýar. Ýagsoran pälwan hakynda ilat arasynda örän köp rowaýatlar bar. Onuň boýy uzyn bolmandyr, ýöne göwresi welin guýlan kenek ýaly  dykyz bolupdyr, üstesine-de, ol örän çalasyn eken.  Bu pälwan, esasan,   çopançylyk edipdir.

Şeýle pälwanlaryň hatarynda Päwi pälwan, Orazdurdy Torköýnek, Nasyr pälwan, Garly pälwan we Teke gyzyl, Balyş pälwan, Salar pälwan, Nepes Çaka, Şalar pälwan, Motduk pälwan ýaly ençemesiniň atlaryny tutmak mümkindir.

1971-nji ýylda türkmen milli göreşi boýunça “Sport ussady” diýen sport derejesi girizildi. Bu sport derejesine Türkmenistanyň iki gezek çempiony bolmagy başaran pälwanlar mynasyp bolýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medenýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen milli göreşi giňden ösdürilýär. 1992-nji ýylda türkmen milli göreşi boýunça Aşgabat şäherinde halkara ýaryş geçirildi. Bu  ýaryşa birnäçe döwletlerden güýçli pälwanlar gatnaşyp, halkymyzyň milli medenýeti we milli göreşiniň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar, türkmen pälwanlarynyň göreş ussatlyklaryna ýokary baha berdiler. Bu ýaryşda türkmen pälwanlary özleriniň artykmaçlyklaryny görkezip, on sany agram derejesinde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldiler.

Türkmen milli göreşinde gyrmyzy don, ak balak, guşak, düşekçede geýilýän ýörite aýakgap  ulanylýar. Halkara ýaryşlarda donlar gök hem-de ýaşyl reňkde bolýar.

Türkmen milli göreşi guşakdan bir eliňi aýlap tutmak esasynda amala aşyrylýar. Öňler ýaryşlarda alty minut göreşilýän bolsa, häzirki wagtda bu üç minuta getirildi. Eger pälwanlar üç minutda tapawutlanmasalar, onda bir minut dik durma  göreşinde göreşýäler, pälwanlaryň iki elleri hem guşakdan aýlanyp tutulýar. Göreş başlanandan soňra haýsy pälwanyň elleriniň arasy açylsa, ýumruk sygsa, ýykyldy hasap edilýär, pälwanlar eger berlen goşmaça bir minutda tapawutlanmasalar, onda pälwanlaryň agramy çekilýär, haýsy pälwan ýeňil çyksa, şol pälwana ýeňiş berilýär.

Häzirki döwürde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen milli göreşi has-da ösdürilýär. Türkmen toýlary bagşysyz, pälwansyz geçmeýär. Halkymyzyň milli oýunlary toýlarymyzyň  bezegidir.

Hudaýberdi JORAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu