Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde dünýäde QR-kodlary ulanmak has giňden ýaýrandyr. QR-kod iki ölçegli kod bolup, «dessin tassyklanýan kod» («Quick Response Code») diýlip atlandyrylýar. Onuň esasy aýratynlygy: dürli mobil programma üpjünçilikleri tarapyndan QR-koddaky maglumatlar çalt düşünilip we tanalyp bilner. Adaty bir ölçegli ştrih-koddan tapawutlylykda, köp mukdarda maglumatlary (7089 san ýa-da 4296 harp, san we ýörite nyşan) öz içine alyp bilýär.
Ilkibaşda QR-kod hyzmaty Ýaponiýanyň Denso kompaniýasy tarapyndan bölek ätiýaçlyk şaýlar daşalanda, olary belgilemek üçin zawodlarda ulanylyp başlanýar. Ykjam telefonlaryň mümkinçilikleriniň ösmegi bilen QR-kod adamzat durmuşyna giňden ornaşýar.
Häzirki wagtda Hytaý, Fransiýa, Günorta Koreýa, Şwesiýa ýaly ýurtlarda QR-kod arkaly saglyk gözegçilik çärelerini berjaý etmek maksady bilen, raýatlaryň saglygyny anyklaýyş maglumatlarynyň, saglyk kepilnamasynyň hereketini yzarlamak bolýar. Fransiýada sanly gözegçiligi alyp barmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň aprelinden başlap kagyz görnüşindäki resminamalar dolulygyna QR-kod arkaly ýerine ýetirilýär.
Sanly töleglere geçmegiň tizligi bazaryň ýagdaýyna, nagt pul aýlanyşygynyň azalmagyna, elektron söwdanyň kabul edilmegine we iri kärhanalaryň işjeňlik derejesine baglylykda üýtgeýär.
Hytaýda ilkinji gezek QR-kod tölegleri 2010-njy ýylyň başlarynda WeChat (häzirki wagtda bir milliarddan gowrak ulanyjysy bolan) hyzmaty arkaly meşhurlyga eýe boldy. Hytaýly sarp edijiler birnäçe ýyldan bäri restoranlarda, bölekleýin söwda işini alyp barýan dükanlarda töleg tölemek üçin mobil programma üpjünçiligini we QR-kodlary ulanýarlar. Ýurtda QR-kod arkaly hasaplaşyklary geçirmegiň giňden ýaýran görnüşlerine mysal hökmünde Paypal, WeChat, Alipay we China UnionPay çözgütlerini görkezmek bolar. Häzirki wagtda Hytaýda Alipay we WeChat onlaýn tölegleri ähli amallaryň 90 göterimini tutýar.
QR-kod arkaly tölegleri geçirmek Hindistanyň bank ulgamynda hem aýratyn meşhurlyga eýedir. Hindistan Milli Korporasiýasy (NPCI) 2016-njy ýylda bu ulgam arkaly tölegleri çalt we howpsuz ulanmagyň amatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, BHIM (Bharat Interface for Money) mobil programma üpjünçiligi dolanyşyga goýberdi we ol ýurduň ähli banklaryna ornaşdyryldy.
QR-kod, esasan hem, töleg enjamlarynyň zerurlygynyň aradan aýrylýandygy sebäpli amatly hasaplanýar. Hyzmaty ulanyjy üçin diňe mobil goşundynyň gurnalan ykjam telefonyň bolmagy ýeterlikdir. QR-kod arkaly nagt däl tölegleri geçirmek sarp edijiler üçin hem, işewürler üçin hem amatly hasaplanýar. Sarp edijiler tarapyndan tölegleriň dessin we howpsuz ýerine ýetirilmegi amatly bolsa, telekeçiler üçin ýygymyň azlygy we birikmegiň aňsatlygy özüne çekýär.
Taýýarlan: Gülşat GELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.