
“Origami” sözi köpçülige nätanyş bolup biler, emma kagyzdan eplenip ýasalan haýwanlaryň şekilini görenimizde, bu sungatyň ýapon medeniýetine degişlidigine göz ýetireris. “Origami” sözi ýapon dilinden terjime edilende, “kagyzy eplemek” diýmegi aňladýar. Origami sungatynyň gelip çykyşy barada anyk maglumat ýok. Kagyz biziň eýýamymyzyň I asyryndaHytaýda oýlanyp tapylan bolsa-da, taryhy çeşmelere görä, hytaýlylaryň kagyzy eplemek ýa-da origami sungaty baranda köp maglumatlary bolmandyr. Kagyzyň Ýaponiýa biziň eýýamymyzyň VI asyrynda gelip ýetmegi bu sungatyň ýokary derejede ösmegine itergi beripdir. VIII asyrda araplarda hem kagyzy eplemek sungaty ýaýrapdyr. XII asyrda bolsa Ispaniýa we Günorta Amerika yklymyna ýetip, uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Kagyzy eplemek sungaty Angliýanyň şa aýaly Wiktoriýa döwründe çagalaryň esasy güýmenjesi bolupdyr. Şol döwrüň belli sungat işgärleriniň eserinde hem origami şekillerini görmek bolýar.
Origami — hiç hili gural talap etmeýän ýeke-täk kagyzdan şekil ýasamak sungaty. Onda kagyzy kesmegiň, ýelimlemegiň ýa-da reňklemegiň geregi ýok. Origami şekillerini ýasamak üçin aýratyn başarnykly ýa-da ukyply bolmak hökman däl. Onda diňe sabyrlylyk bilen ünsli çemeleşmek zerur. Esasan, çagalaryň güýmenjesi hasaplanýan origami häzirki wagtda matematikleriň, inženerleriň, alymlaryň, professorlaryň hem-de ökde suratkeşleriň gyzyklanmasyny gazandy. Bu gyzykly sungat ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň bilen el işlerini paýlaşýan sungatlaryň biridir.
Çynar NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



