
Gündogar medeniýetiniň ösmegine goşant goşan alymlaryň biri-de Abu Nasyr Muhammet Farabydyr. Şeýle hem ol gündogarda Aristoteliň işini dowam etdirijileriň biri hasaplanýar.
Farabynyň ylmy işleriniň aglaba bölegi ynsanyň köpugurly bilimi ele almagy bilen kämillige ýetýändigi baradaky pikirlere daýanýar. Ol bilimiň adama şatlyk we bagt getirýändigini, ylymly adamyň öz bilimi we durmuş tejribesi bilen başgalara gözellik we kämillik paýlaýandygyny nygtapdyr. Alymyň jemgyýetçilik-syýasy taglymatlarynda adamyň iň belent derejelere çenli kämilleşmeginde ylym-bilimiň ornunyň uludygy baradaky garaýyşlaryna kän duşmak mümkin.
«Okatmak bu adamlary we şäherleri (ýurtlary) nazary gymmatlyklar bilen üpjün etmekdir. Terbiýe bu adamlarda bilimlere esaslanan etiki päkligi we ýagşylygy üpjün etmegiň usulydyr. Okatmak diňe dil arkaly amala aşyrylýan bolsa, onda terbiýe söz üsti bilen-de, hereket arkaly-da amala aşyrylyp bilner». Şu dana pikirleriň awtory bolan Faraby ylmyň jemgyýetdäki, medeniýetdäki hyzmatyna ünsi çekip, ylmy işleriň bilimleri gorap saklamak, paýlaşmak, ýaýratmak ähmiýetine eýedigini, onuň tejribe tarapdan hem peýdalydygyny nygtaýar. Onuň pikiriçe, adamlar tarapyndan özleşdirilen bilimler olaryň durmuşyny gowulandyrmagyň, tebigatyň we jemgyýetiň hadysalaryna akyl ýetirmegiň, özüni ahlak we ruhy taýdan kämilleşdirmegiň ähmiýetli serişdesidir. Akyldar: «Men ähli ylymlaryň içinden iň ilkinjisiniň dil baradaky ylymdygyny tassyklaýaryn» diýmek bilen dil bilimine uly baha berýär.
Joragül SARYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 62-nji orta mekdebiniň müdiri.



