SliderSyýahatçylyk

Iň köp suwly şaglawuk

11-05-2023 / 28

Braziliýa bilen Argentinanyň araçägindäki Iguasu şaglawugy dünýäniň iň giň we köp suwly şaglawugy hasaplanýar. Parana derýasynyň ugrundaky şaglawuklar toplumynda ululy-kiçili 275 şaglawuk bar.

Onuň giňligi 4 kilometre ýetýär. 80 metre barabar beýiklikden guýýan şaglawukda suw syçrantgylary sebäpli elmydama älemgoşar emele gelýär. Älemgoşar seýrek ýagdaýlarda gijesine hem peýda bolýar. şaglawugyň iki tarapyndaky ýurt özüne degişli sebitlerinde milli goraghanalary döredipdirler. Ol ýerde jahankeşdeler üçin birnäçe synlaýyş meýdançalary gurlupdyr. Şaglawuklaryň arasyny bölýän ululy-kiçili adajyklardyr gaýalaryň arasyndan asma ýollar arkaly gatnawlar ýola goýlupdyr. Bu ýeriň ajaýyplyklaryny synlamaga günde birnäçe müň jahankeşde gelýär.

Yhlas ORAZMEDOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu