
Türkmen halkynda “Edebiň başy salamdan başlanýar” diýlişi ýaly, Ýaponiýanyň salam bermek däpleri baş egmek, ýagny garşydaşyny hormatlamak bilen amala aşyrylýar.
Bu halkyň medeniýetinde hoşlaşmak adaty örän az. Onuň tersine, olaryň söhbetdeşi näçe gezek baş egse, olar hem garşydaşy hormatlap, şonça gezek baş egýärler. Bu adaty hem dogry ýerine ýetirmek gerek. Ony dogry ýerine ýetirmegi başarmak maşgaladan alnan terbiýäni we adamkärçilik alamatlaryny suratlandyrýar.
Nädogry baş egmek söhbetdeşiň kemsidilmegi hasaplanylýar. Baş egmek dessurynda uly ýaşly adamlar bilen kiçi ýaşlylaryň arasyndaky gatnaşyklarda, kiçi ýaşly özüniň sosial statusyna garap we ulyny hormatlap, ilki baş egmeli. Zenanlar bilen erkek adamlaryň arasyndaky salamlaşykda, erkek adam aýal maşgala bolan hormatynyň beýany hökmünde ilki baş egmeli.
Mugallym we okuwçy gatnaşyklarynda, elbetde, ilki okuwçy mugallyma sylag-hormat etmeli, eger okuwçy wagtyň geçmegi bilen premýer-ministr bolsa hem, ol edil okuwçy ýaly özüniň mugallymyny hormatlamaly we baş egmeli. Myhmançylyga baran adam ilki öý eýesine salam bermelidir.
Ogulgerek KUWWADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



