
«Maşgala» diýen düşünje gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň iň gymmatly mukaddeslikleriniň biri hasap edilip, oňa jemgyýetiň «sütüni», baýlygy, her bir ynsanyň howandary, sarsmaz, berk galasy hökmünde seredilip gelnipdir. Bu düşünjäni aňladýan sözüň gelip çykyşynyň «baş gala» diýen jümle bilen baglanyşykly bolmagy hem tötänden däldir.
Jemgyýet aýry-aýry maşgalalardan durýar. Jemgyýetiň sagdynlygy maşgala, maşgalanyň sagdynlygy bolsa ony emele getirýän adamlara bagly. Jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşýan, ahlak, ruhy, beden taýdan sagdyn şahsyýetleriň kemala gelmeginde maşgala gatnaşyklary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Geljekki maşgala gatnaşyklarynyň nähili boljakdygy, esasan, maşgala gurmagy niýet edinýän ýaşlaryň özlerine bagly bolup durýar. Galyberse-de, maşgala gurmagyň näme üçin zerurlygyna düşünmeli.
Maşgala gurlanda ençeme jogapkärçilikler ýüze çykýar:
◊ berk, durnukly, bagtly maşgala gurup, tutuş ömrüňi ýanýoldaşyň bilen bilelikde geçirmek;
◊ sagdyn perzentleri dünýä indirip, olary ynsanperwer, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirli, ylymly-bilimli, ukyply, hünärli, edepli-ekramly, ula hormat goýup, kiçini sylaýan, ata-enesine, il-halkyna, Watanyna wepaly şahsyýet edip ýetişdirmek, çagalaryň sagdyn ösmegini üpjün etmek;
◊ şatlykly, bagtly, lezzetli pursatlary ýanýoldaşyň bilen bilelikde geçirmek;
◊ kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek;
◊ kyn ýagdaýlarda, aýgytlaýjy pursatlarda birek-biregi goldamak.
Maşgala abadançylygy, rahatlyk, birek-birege hormat-sylag, maddy üpjünçiligi hem-de okuwda we işde üstünlik gazanmak maşgalany bagtly edýän esasy gymmatlyklardyr. Bolgusyz, maşgala üçin ähmiýetsiz zatlar barada jedelleşmek, dawalaşmak biderek wagt ýitirmekdir, maşgala bagtyna päsgel berýän zatlardyr.
Aknur ÖWEZOWA,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň Göz keseller bölüminiň lukmany.



