Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana bardy

10-05-2023 / 7

Şu gün – 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu