Habarlar

Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

10-05-2023 / 7

9-njy maýda ýurdumyzda şanly sene bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Ir säher bilen, asylly däbe eýerip, häzirki we geljek nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. 

Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.

Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu