
Ýyllarboýy iň meşhur multfilm gahrymanlarynyň birine öwrülen Bugs Bunny uly ekrana gaýdyp gelýär. Baýrakly ýazyjy we režissýor Robert Rugan söýgüli Loney Tunes gahrymany Bugs Bunny görkezýän janly hereketli we animasiýa gibrid film ýazmak üçin Warner Bros-a goşuldy.
Çykan habarlara görä, Rugan bu habary web sahypasynda yglan edip, soňundan bu habary pozupdyr. Taslama resmi taýdan yglan edilmänsoň, aktýor we ssenariýa barada entek doly maglumat berilmändir.
1938-nji ýylda ilkinji gezek tomaşaçylara ýetirilen Bugs Bunny, 1996-njy ýylda “Space Jam” bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş edip, kassa ýygymynda uly üstünlik gazanmagy başarypdy.
Geçen ýyl Fransiýada geçirilen “Annecy” halkara animasiýa film festiwalynda “Bye Bye Bunny” atly aýdym-saz filmi HBO Max-da ýaýlyma çykarylypdy.
Akmuhammet AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



