Siziň üçin...Slider

Forbes: ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri

08-05-2023 / 12

Dünýä belli ykdysady neşiri bolan “Forbes” žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleriň sanawyny yglan etdi.

Sanawyň başyny ýanwar aýynda ýarym milliard dollarlyk şertnama bilen Saud Arabystanyna transfer bolan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo eýeleýär. 38 ýaşyndaky oýunçy 136 million dollarlyk gazanjy bilen sanawyň başyny çekýär.

Ronaldodan 6 million dollar az gazanan argentinaly super ýyldyz Lionel Messi 130 million dollar bilen 2-nji orny eýelemegi başardy. 3-nji orny bolsa PSŽ-niň super ýyldyzy, fransiýaly Kilian Mbappe eýeledi. Mbappe 120 million dollar gazanç edipdir.

Öňdäki 3 orny eýeleýän futbolçylardan soň sanawyň 4-nji ornuny amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms eýeläp, 119,5 million dollarlyk girdeji gazanmagy başardy. Meksikaly boksçy Kanelo Alwares 110 million dollar bilen 5-nji, amerikaly golfçular Dastin Jonson 6-njy, soňky 12 aýyň dowamynda 107 million dollarlyk girdeji gazanan Fil Mikelson 7-nji, şeýle-de amerikaly basketbolçy Stefen Körri 100,4 million dollar bilen 8-nji, şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer 95,1 million dollar bilen 9-njy, ýyldyz basketbolçy Kewin Durant 89,1 million dollarlyk girdeji bilen ilkinji onlugy jemledi.

Eziz HEZRETOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu