
Parahatçylyk baýdagynyň mydama belentde parlap durmagy ugrunda göreşen ärler mertlik mekdebi bolup, biziň hakydamyzdan, ýürek törümizden ebedi orun alýar. Şeýle gerçekleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.
Mugallym we esger, öz döwrüniň watançysy bolmak bilen, ol Beýik Watançylyk urşy mahaly köp sanly ildeşleri ýaly söweşe gitdi. Ýowuz duşman bilen ýüzbe-ýüz bolup, öz göreldesi bilen ildeşlerimizi we polkdaşlaryny gahrymançylykly ýörelgelere ruhlandyrdy. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda ýaş nesil üçin watançylygyň we mukaddes borja wepalylygyň mizemez nusgasy bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda watançylyk borjuny berjaý etmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medaly bilen sylaglandy. Häzirki wagtda bu medal Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde saklanylýar. Nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy berkitmekde, ýaş watançylary wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bu juda uly ähmiýete eýe.
Eziz AGAJANOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.



