Siziň üçin...Slider

Ýaponlaryň meşhur baýramlary

08-05-2023 / 16
  • Oglanlaryň baýramçylygy

“Tango-no sekku” baýramçylygy Ýaponiýanyň ähli ýaş ýigitlerine, maşgaladaky körpeje oglanjyklara bagyşlanandyr. Bu şatlykly gün bahar paslynda, haçan-da tebigat janlanyp, “täze dünýä dörände” bellenilip geçilýär. “Tango-no sekku” gününde oglanlar olaryň ýakyn hossarlary tarapyndan mähir, mylakatly garaýyş bilen gurşalýar.

“Tango-no sekku” türkmen diline terjime edilende “bedewiň dogulmagynyň baýramy” diýen manyny aňladýar. Baýramçylyk öz taryhy köklerini biziň eýýamymyzyň I asyry bilen baglanyşdyrýar. Ilki dörän badyna baýramçylyk hytaý senenamasynyň 5-nji aýynyň 5-nji güni bellenipdir. Häzir onuň berkidilen güni 5-nji maý – ol gün ýaponlaryň “Altyn hepdesine” girýär. “Tango-no sekku” maşgala baýramçylygydyr, oňa ýörite niýetlenen gutlaglar we aýdymlar bar.

  • Sakuranyň baýramy

Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän Sakura baglarynyň güllemegini baýram edip belleýärler we bu baýramçylyk Hanami diýlip atlandyrylýar.

Sakuranyň güllerini açmagy tebigatyň iň täsin we iň owadan hadysasy hasaplanylýar. Onuň güllemegi, sebitlere baglylykda, fewral, mart, aprel aýlary bolup, ol 7-10 güne çenli dowam edip bilýär. Daşary ýurt syýahatçylarynyň köpüsi bu täsin gözellikden lezzet almak üçin ýörite Ýaponiýa gezelenç guraýarlar. Ýylyň bahar aýlarynda Ýaponiýanyň seýilgählerinde adamlaryň uly üýşmeleňini görmek geň galarlykly däldir. Hanaminiň ýetip gelenligi barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde kalbyňy heýjana salýan makalalar yzygider neşir edilýär.

Daýanç ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu