Siziň üçin...Slider

Lukman, alym, uruş weterany

Saçly Dursunowany ýatlap...

08-05-2023 / 13

Bilşimiz ýaly, belent ykbally zenanlar taryhymyzda örän kän. Gahryman zenanlarymyzyň basan ýoluna ser salsaň, Watany ähli zatdan öňde goýandyklaryny taryh aýdyp dur. Saçly Dursunowa hem Beýik Watançylyk urşunyň ýalnyndan doly geçen gahryman zenanlaryň biridir. Ol uruş döwründe esgerleriň ykbalyny öz ykbaly, halkyň hasratyny öz hasraty hasaplap, diňe ýeňiş üçin göreşdi. Saçly agyr jepalara, urşuň aldym-berdimli, rehimsiz synaglaryna mertlik, gyz gaýraty bilen döz gelip, ýaraly esgerlere hem lukmançylyk, hem ruhy kömegini gaýgyrmady.

Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudow eken. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň atlaryny bilmändikleri üçin ejeleriniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalar doldurylýar.

1936-njy ýylda tamamlan Saçly şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutyna girýär. Onuň soňky gutardyş synaglary galanda nägehan uruş başlanýar, okuwyny tamamlan ýyly bolsa, Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär.

1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa Stalingradyň eteginde söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol bütin urşuň dowamynda Krymyň, Belorussiýanyň, Pribaltika ýurtlarynyň, Gündogar Prussiýanyň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň janly şaýady bolýar, şol ýerlerde ýaraly esgerlere hem ruhy tarapdan, hem lukmançylyk tarapdan yzygiderli ýardam edýär. Şeýdibem, ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Görkezen edermenlikleri üçin gahryman zenan «Lenin», «Gyzyl ýyldyz», «Hormat nyşany» ordenleri, «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilendigi üçin», «Kýonigsbergiň eýelendigi üçin», «Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» medallary bilen sylaglanýar.

Gahryman zenanyň Watan öňündäki bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok. Onuň durmuş we zähmet ýoly biz — zenanlar üçin nusgalyk mekdepdir. Paýtagtymyzyň giň gatnawly köçeleriniň birine gahryman zenanyň adynyň dakylmagy onuň hormatyny ebedileşdirdi. Ine, türkmen lukman gyzynyň adyny Arkadag şäherindäki lukmançylyk orta hünär mekdebi hem buýsanç bilen göterer.

Aýnur KAKYŞOWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu