
Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar.
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň guramagynda türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik mirasy festiwaly dowam edýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, hem-de paýtagtymyzyň Medeniýet öýleriniň aýdym-saz toparlary «Watan» kinokonsert merkeziniň sahnasynda çykyş etdiler.
Ýakyn günlerde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda festiwalyň sebit tapgyrlary geçiriler.
Festiwalyň jemini iýun aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda geçiriljek jemleýji tapgyra ussat sazandalar we halk aýdymlaryny aýdýan bagşylar gatnaşarlar. Baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň howandarlygynda geçirilýän festiwalyň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Göwher MEREDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 4NGGIHT “B” toparynyň talyby.



