Metropoliten sungat muzeýiniň geýim institutyna kömek etmek üçin döredilen we moda dünýäsiniň iň abraýly gijesi hasaplanýan «Met Gala» Nýu-Ýorkda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Modanyň iň meşhur atlaryndan biri Karl Lagerfeldiň hatyrasyna geçirilen dabarada ýyldyzlar moda dizaýneriniň ak-gara dizaýnlaryna degişli egin-eşikleri geýmekligi özlerine makul bildiler.
Gyzyl halyda geýýän egin-eşikleri bilen ähli adamlaryň ünsüni hemişe özüne çekmegi başarýan meşhur aýdymçy Lil Nas X tutuş bedenini çal reňke boýady. Make up-çy Patnik Pat MakGrat bilen işleşýän ýyldyz, merjen bilen bezelen ýüzi we hrustal keşdeli beden makiýajy bilen Met Gala gatnaşýanlary haýrana galdyrdy.
Meşhur aýdymçy Oskar De La Renta nobatdaky geçirilen Met Gala-da pişik gulaklygy bilen gatnaşmagy makul bildi.
Karl Lagerfeldiň pişigi Choupette-ni ýatdan çykarmaýan başga bir ýyldyz bolsa Jared Letodyr.
Rihanna Met Gala Lagerfeld bilen tanalýan Chaneliň gelinlerine salgylandy. Walentino dizaýny bilen gijä öwüşgin beren ýyldyz aýdymçy, gijäniň iň köp gürleşilen atlarynyň biri boldy.
Latyn aýdym-sazynyň meşhur ady Bad Bunny, şübhesiz Met Galada erkekleriň stiline täze stil goşmagy başardy.
Thom Browne-niň geýen bu köýnegi özboluşlygy bilen haýran galdyrýar.
«TürkmenGazet».