
5-nji maýda paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip, adatdakysyndan köp adamly boldy. Bu ýerde Aşgabat şäher häkimliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň!» atly ekofestiwal geçirildi.
Festiwala şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary, çäräni guraýjylaryň degişli wekilleri, mugallymlardyr talyplar, mekdep okuwçylary, türgenler, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Ekofestiwalyň esasy maksady gözel tebigatymyzy, janly-jandarlary, ösümlikleri goramakda hemmämiziň deň derejede borçludygymyzy, türkmen halkynyň baý medeni hem ruhy mirasynda ekologik terbiýäniň eriş-argaç bolup geçýändigini açyp görkezmekden ybarat boldy.
Çärelere işjeň gatnaşanlar guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr höweslendiriji baýraklar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy.
«TürkmenGazet».



