
5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary London şäheriniň “Stansted” Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kaşaň “The Biltmore Mayfair” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhana tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.
Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.



