Göwün küýsegiSlider

Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken…

05-05-2023 / 17

Kalbyň dar ekeni söýgi sygardan,
Şoň üçin sen ony diliňe çolap,
Paýlap ýörsüň gözel görkli gyzlara,
Owadan söz bilen daşyny dolap.

Seniň söýgiň juda-juda pes eken,
Ýere sepelenip, garyldy çaňa.
Çynym, senli umytlarym kör eken,
Kalbyňda çyn söýgi ýok eken maňa.

Sen diňe ýylgyrdyň ýüzüme bakyp,
Şygyrlarmyň manysyna düşünmän.
Seniň arzuwlarňa ýetip bilmedim,
Ýa kyndymy bu zatlara düşünmäň?

Ömrüň ýalan bilen aýlanýar dynman,
Hakykat seň üçin bar zatdan agyr.
Ýaraly kalbymyň üstünden gülüp,
Näme üçin sen maňa çekdirýäň jebir?

Sen hamala bagtly ýaly görünýäň,
Emma kalbyň hile bilen al eken.
Ýok, puşman etmerin söýenim üçin,
Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken.
***

Men ýeke däl

Men ýeke däl, ezizim bar aňymda,
Ony ýaşadýaryn ýüregme salyp.
Natuwan gözlerim gözleýär käte,
Onuň ýoklugynda sergezdan bolup.

Men ýeke däl, ol hemişe ýanymda,
Şemal bolup saçlarymy öpýär ol .
Hem ol nur syçraýan gara gözünden
Ýüregime aby-zemzem sepýär ol.

Men ýeke däl, urup durka ýüregim
Söýgi bilen aýlanýar ol ganymda.
Aglan çagym yşky siňip kalbyma,
Ol bir bilbil, aýdym aýdýar bagymda.

Men ýeke däl, demim gelip-gidýärkä,
Ol meniň baharda gül kokan howam.
«Seni asla taşlap gitmen» diýipdi,
Şol meň ýazlyp ýatan ak ýolum rowan.

Men ýeke däl, gursagymda ezizim,
Gollarymda güller açan baglam bar.
Eger-de hemmäni gitsem-de taşlap,
Ol ýerde gollamdan tutjak dagym bar.
***

Gülçe görmezmiň?!

Çolanyp, çyrpynyp çyksam seýrana,
Baglarda gunçalan gülçe görmezmiň?!
Seni kalbym bilen söýsem gaýbana,
Meni, mähribanym, ilçe görmezmiň?!

«Şahyr» diýme her bir goşgy ýazana,
Yşk aýdymym galmaz ýaly hazana,
Aýak yzlaň öpsem meňzäp tozana,
Baglaň başyn sypan ýelçe görmezmiň?!

Ýüregim atygsap urunsa her ýan,
Saňa bagt bolup gujagym gerýän,
Howlugyp gitmekçi bolaňda bir ýan
Aýagyň astynda — ýolça görmezmiň?!

Ýaňagymdan öpýär bahar şemaly,
Gije gülüp baksa Aýyň jemaly,
Gurasa kalbyňda mähir ummany,
Söýgüden joş urýan kölçe görmezmiň?!

Gursagyňda maňa galmandyr orun,
Gören düýşlerimi gowluga ýorup,
Meniň didelermiň ýanyşyn görüp,
Kiparlap köreýän közçe görmezmiň?!
***

Ýar

Ýüzlerçe, müňlerçe sözleri sözläp,
Arzuwly sözlermi sözlemediň, ýar.
Men seni hemmeleň gözünden gözläp,
Sen meni hiç haçan gözlemediň, ýar.

Müýnsüz çaga ýaly aglan mahalym,
Seni tapdym joşgunyndan baharyň,
Ýalňyz özüm gujagynda şäheriň,
Meniň kinelermi çözlemediň, ýar.

Hiç parhy ýok, tüm gijeler,
Şemal bolup gelerin men salama,
Çoýsam seni Gün dek çigrek howada,
Meniň ýaz goýnumda ýazlamadyň, ýar.

Hasratdyr ünjümiň bilýäň baryny,
Ýel bolup öpmediň saçym taryny.
Oda düşüp, çekip ýörkäm zaryňy
Söýgi ýodalarmy yzlamadyň, ýar.

Ýüregim iki däl, özge söýere,
Başarman ornuňda özge goýara,
Gijäniň Aýyny düýşden oýara,
Ömrüme Gün bolup ornamadyň, ýar.

Ogulbagt ÇARYÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu