Göwün küýsegiSlider

Bagtyň gözbaşy

05-05-2023 / 5075
  • Dogry sözli adamyň görki, ömri we döwleti zyýada bolar.
  • Ene-atadan soňra iň ýakyn syrdaşyň – dostuň, hatda ene-ata ýaňzytmaga çekinýän käbir pikirleriňi hem ynamdar dostuň bilen paýlaşyp bolýar.
  • Güler ýüzlülik we ýylgyryş ýüreklere ýollanýan dostluk çakylygydyr.
  • Halal lukma ýaly haýyrly zat ýokdur. Dogry söz ýaly ygtybarly dost ýokdur.
  • Häsiýeti ýumşak adam asylly saýylar. Özüni sypaýyçylykly alyp barýanyň mertebesi beýgeler.
  • Iň abraýly iş – şöhrat getirer, iň ýagşy hereket – öwgä ýetirer. Iň ýaman iş – buýsanjyňy ýatyrar, iň ýaramaz hereket – abraýyňy döker.
  • Iň ajaýyp zat – gözel işler bilen utgaşan dogry sözdür.
  • Iň ýagşy ýardam – perişan kişä goltgy bermek.
  • Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşýan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.
  • Kim gaýrat basgançagy bilen ýokary galsa, il-günüň gözünde abraýy belent bolar. Kim janypkeş bolsa, halk arasynda gadyr-gymmaty artar.
  • Kim özüne bolan söýgi we umyt döredip bilýän bolsa, bu onuň ata-baba asyllydygyna delildir.
  • Kim ýagşy adamlara ýoldaş bolsa, işi rowaç bolar. Kim ýaramazlar bilen dost bolsa, bereketden mahrum galar.
  • Pespällik asylzada adamlaryň bezegidir. Dostluk mylakatly adamlaryň hemrasydyr.
  • Seni makullaýanlaryň ählisi dost däldir. Seni tankytlaýanlaryň ählisi hem görip däldir. Dogruçyllyk bilen iş salyşýan adamlar dostuňdyr.
  • Süýji sözli adamyň häsiýeti hem gözel bolar. Häsiýeti gowy adamyň niýeti hem gowudyr. Niýeti ýagşy adamyň geljegi has owadandyr.
  • Ýagşy adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.
  • Ýagşy işe amal etmeýän bolsaň, ýaman işe öjükdirýän bir bolma.
  • Ýagşylyk etseň, ile ýaýma, ört. Saňa ýagşylyk etseler, gizleme, ýaýrat.
  • Ýamanlyklaryňy gizleýşiň ýaly, ýagşylyklaryňy-da gizle.
  • Ýaramaz adamlar bilen tirkeşmek, ýagşy adamlar barada erbet pikir etmeklige sebäp bolar.
  • Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr.
  • Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi dostlugyň ilkinji ädimleridir.

Taýýarlan: Mahym ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu