
Şu gün – 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu iki günlük halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
– Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn – diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Hakykatdan-da, geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralýan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi tutuş sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berer.
Aýgül MÄMMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



