
Beýik britaniýaly zenan ýazyjy J.K. Rowlingiň meşhur eseri “Harry Potter”-iň köp bölümli serialynyň ekranlaşdyryljakdygy habar berildi. Aslynda bu filmiň serialynyň düşüriljekdigi baradaky gürrüňler 2021-nji ýylda-da gozgalypdy. Ýaňy ýakynda “HBO Max” studiýasy filmin serialynyň düşüriljekdigi resmi ýagdaýda mälim etdi. Taraplaryň gelen ylalaşygynyň netijesinde serialyň 10 ýyl dowam etmegine garaşylýar.
Ýazyjynyň kitaplaryna salgylanylyp düşüriljek serialda haýsy aktýorlaryň surata düşjekdigi heniz belli däl. Şol bir wagtyň özünde serialda asyl filmdäki baş keşbi janlandyran artistleriň çykyş edip-etmejekdigi, şol filmlerdäki nusgawy zatlaryň serialda-da ulanylyp-ulanylmajakdygy häzirlikçe näbelli.
Serial baradaky täzelikler ýakyn günlerde sosial medýa ulgamynda paýlaşylar.
«TürkmenGazet».



