
Sözbaşyny «Buratinonyň» başdan geçirenleri diýmek bilen baş gahrymanyň däl, eýsem, şol multfilmiň döreýşi we onuň gysgaça taryhy barada gyzykly maglumatlary bermegi göz öňünde tutduk. Gören zadyna burnuny sokýan, şol burny bilen hem gazany deşip bilýan (elbetde, ol hakyky däl-de çekiläýen bir surat bolsa) Buratinonyň täsin başdan geçirenleri baradaky «Buratinonyň başdan geçirenleri» multfilmi köpimize tanyş bolsa gerek. Gyzykly, şonuň bilen birlikde körpelerde oňat gylyk-häsiýetleri terbiýeleýän bu multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasynda döredildi. Belli rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň «Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň başdan geçirenleri» atly belli ertekisiniň esasynda Iwan Iwanowyň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan multifilm tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Onda agaç ussasy Karlonyň ýasan täsin agaç gurjagy bolan Buratinonyň täsirli başdan geçirmeleri beýan edilýär. Multfilmde Karlo kaka, Juzeppe, Malwina, Pýero, Artemon, Tortila ýaly gowy gahrymanlaram, Karabas Barabas, Durimar, Tilki, Pişik ýaly birnäçe ýaramaz gahrymanlar hem hereket edýär. Multfilm agaç ussasy Juzeppanyň gepleýän agajy Karlo getirip bermegi, Karlonyň bolsa ondan oglanjygyň şekilini ýasamagy bilen ýaýbaňlanýar. Karlo kaka oňa Buratino diýip at goýýar. «Buratino» diýmegiň özi-de italýan dilinde «agaç gurjak» diýmegi aňladýar. Gahrymanyň ilkinji şowsuzlyklary «Harplygy» satyp teatra petek almagy bilen başlanýar. Buratino bilen bagly garşylykly wakalar gurjaklary oýnatmak bilen pul gazanýan nebisjeň Karabas Barabasyň üsti bilen ýaýbaňlanýar.
Diňe çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçinem gyzykly bolan bu multfilmiň ssenarisi Lýudmila Tolstaýadyr Nikolaý Erdmanyňky bolup, suratkeşler Pýotr Repkin bilen Swetozar Rusakowdyr. Onuň ilkinji görkezilişi 1959-njy ýylda boldy. 1960-njy ýylda bolsa Minskide geçen II Bütinsoýuz kinofestiwalynda multipikasion filmler boýunça baş baýraga mynasyp boldy. Çagalygyň «altyn açary» bolan edep-terbiýäni körpe tomaşaçylaryň aňyna guýýan Buratino barada kino hem düşürildi.
Körpelerde birek-birege hormat goýmak, ulularyň aýdanyny diňlemek, mekdebi söýmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýän multfilmiň dowamlylygy bary-ýogy 64 minut bolsa-da, onuň efirlerdäki «taryhy» häzirki günlerde-de dowam edýär.
Aýlar AKMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



