SliderŽurnalistiň sahypasy

Mert zenan — wepaly ýoldaş

02-05-2023 / 10

Geçmiş taryhymyzda mert, gahrymançylyk görkezen zenanlarymyz barada hem belläp geçenimizde hormatly Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat enemizi we Ogulgerek ejemizi nusgalyk belläp geçmelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym − mukaddeslige tagzym” atly kitabynda: “Zenan düşünjesine halkymyz “ene”, “eje”, “uýa”, “aýal dogan”,”ömürlik durmuş hemrasy” diýen manylarda garaýar” diýip, belläp geçişi ýaly, zenan, aýal, ene… durmuş dowamatynyň gözbaşynda duran bu ynsan hamala diýersiň, diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, inçe duýgurlygy bilen hem Zeminde sazlaşyk döredip durana çalym edýär.        

Men hem öz gezegimde bu mysallardan ugur alyp “Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romanynda zenan mertebesi” atly ylmy işimi türkmen taryhymyzda öçmejek yz galdyran Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn barada ýazmaklygy ýüregime düwdüm. Wepalylykda, watansöýüjilikde, mertlikde, paýhaslylykda ady rowaýata öwrülip, ilden-ile ýaýran zenan gahrymanlarymyzyň bolandygyna taryh şaýatdyr. Olaryň köpüsi çeper edebiýatymyzda hem mizemez orun eýelediler. Beýik taryhymyzda yz galdyran mertebeli zenan, Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň soltany Togrul begiň aýaly, nedimi, naýyby Altynjan hatynyň obrazyny ussat ýazyjy Osman Ödäýew “Altynjan hatyn” trilogiýasynda çeper beýan edipdir.

Filologiýa ylymlarynyň doktory hem mugallym Muhammetguly Amansähedow “Beýiklikleriň bitewüligi” kitabynda şeýle belläp geçýär: “Nobatguly Rejebowyň poeziýasynyň filosofiýasy hem-de Osman Ödäýewiň prozasynyň filosofiýasy şeýle bir belentde welin, bökeňde eliň ýetäýse, zor boldugyň”. Hakykatdan hem, Osman Ödäýewiň hiç kime meňzemeýän özboluşly stili, filosofiýasy bar. Muňa biz türkmen halkynyň taryhyny, zenan mertebesini, gelin-gyzlaryň häsiýet aýratynlyklaryny çeper şöhlelendirýän “Altynjan hatyn” romanyny okanymyzda has aýdyň göz ýetirýäris.

Ussat ýazyjy, filosof − Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romanynda hemmetaraplaýyn ilik-düwme işlenen Altynjan hatyn, Muhammet Togrul beg ýaly obrazlar bilen birlikde ýüzden artyk gahryman hereket edýär.Awtor Altynjanyň durmuş ýolunyň, başdan geçirmeleriniň üsti bilen Togrul begiň hem onuň ýakynlarynyň keşplerini açyp görkezýär.

Altynjan hatyn − örän gowy terbiýelenen, gerek ýerinde ata çykyp, eline gylyç alyp erkek ýaly söweşip bilýän, mert, watansöýüji, akylly, parasatly,adamsyna wepaly zenan obrazy. Romandan bir bölek getirmek arkaly, Altynjan hatynyň nähili mert, adamsyna wepaly ýoldaş bolandygyna göz ýetireliň:

“…Altynjanyň jany sag” diýip pikir etsin. Türkmen hatynlary çydamlydyr. Türkmen hatynlary demiriň, daşyň çydamadyk zadyna çydar. Türkmen hatynlary öz ärleri üçin şirin janlaryndan geçerler. Türkmen hatynlarynyň jany − ärleridir. Men ölsem, ärim üçin at üstünde öljek. Darkaş gurap öljek. Ýöne: ” Men ýaraly” diýip düşekde ýatjak däl.

− …Her kim bir maksat bilen ýaşaýar. Meniň maksadym − Togrul soltanyň rowaçlygy! Eger Togrul soltana bir zat bolsa, onda meniň ömrümiň manysy gaçýar. Şonuň üçinem men onuň tagtda oturmagy, soltanlygyň rowaçlygy, janynyň saglygy üçin düýrmegim bilen göreşerin”.

Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romanynyň  şunuň ýaly we Altynjan hatyn bilen baglanyşykly wakalaryny okanyňda her bir türkmen gelin-gyzynda “Meniň hem Altynjan hatyn ýaly mert we mertebeli bolasym gelýär” diýdirýär.

Edil geçen zamanlarda bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem Türkmenistanyň zenanlary jemgyýetiň  hereketlendiriji güýji hasap edilýär. Olar ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýärler. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlary ýurduň syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar. Olar saýlaw geçirilýän döwürde hem erkekler bilen deň derejede gatnaşýarlar. Zenanlary birnäçe birleşikler we assosiasiýalar birleşdirýärler: Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Işjeň zenanlaryň assosiasiýasy, Zenan resurs merkezi, Hukukçy zenanlar assosiasiýasy, “Zenanlar we telekeçilik”. Ýurduň durmuşynda BMG-niň Zenanlar býurosynyň Türkmenistandaky wekilçiliginiň  hem uly orny bar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyz, mähriban gyz-gelinlerimiz üçin birnäçe mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, biz ýaşlaryň okamaga, dürli hili tehnologiýalardan peýdalanyp ylym bilen meşgullanmaga edýän aladalary üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gözel ATAJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk  institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu