«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýip, Milli Liderimiz örän jaýdar belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphanalarymyz barha baýlaşýar. Neşir işlerinde öňegidişlikler gazanylýar. «Şu günümiz we geljegimiz ýaşlar bilen», «Ýaşlar, geljek siziň bilen» diýen buýsançly we juda ynamly jümleleriň dilimiziň senasyna öwrülen täze taryhy döwrümize ýaşlara uly ynam bildirilýär. Muňa jogap edip bolsa, geljekki nesillerimiz arman-ýadaman yzygiderli öz üstünde işlemeli, kitap okamaly, «beýik» türkmeniň geçmişini we şu gününi öwrenmeli, geljegine nazar aýlamaga başarmaly….
*****
Türkmeniň tanymal şahyry Gurbannazar Ezizow:
Kitaphanalara gatnaň ýadaman,
Agras, kämil bory üçin pikiriň.
Dünýäde hemme zat bal bile ýag däl,
Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň.
-diýmek bilen ol kitabyň içinde pikir-düşünjeleri, dünýägaraýyşlar, duýgular gaplanyp goýlandygy barada aýtmak bilen, kitap okamak endigini kämilleşdirmegi ündeýär.
Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň döredijilik tejribelerini arkama-arka geçirýärler we şu günki ýaş nesilleri iň dogry ýola gönükdiriji tejribäni açyp görkezýärler. Olar adamzadyň ruhy we durmuş tejribeleriniň saklanýan gorudyr, yazuw gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr, geçen döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten mirasdyr.
*****
Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler, nakyllar adamyň göwnüni göterýär, kalbyna giňlik berýär, haýyrly işlere höwes döredýär. Şonuň üçin çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Ol kitaplardan ganma ýok. Kitabyň içinde pikir-düşünjeler, dünýägaraýyşlar, duýgular gaplanyp goýlandyr. Gündogaryň tanymal alymlarynyň biri kitap barada «Kitap seni ýagşylyga eltýän dostdur, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr» diýipdir.
*****
Aslynda şeýle bir söýgi bar. Ony keşp etmegiňiz ýeterlikdir. Bir öwrenişdiňmi, asla ýüz öwrüp bolanok. Ony juda halarsyňyz. Ulagda, demirýolda, uçarda… Dynç alyşa gideniňizde hem ýatmazdan ozal birbada ony eliňize alanyňyzy duýman galarsyňyz. Sahypalary ýyrtylmasyn diýip, emaýlyk bilen ulanarsyňyz. Daşy könelmesin, zeper ýetmesin diýip, ony gaplarsyňyz. Hawa, bu diýýänim kitap söýgüsi… Kitaplara endik etmegiňiz ýeterlikdir. Olar sizi hiç wagt ýadatmaz. Dürli-dürli, gyzykly kitaplar… Biri bize adamlaryň gynanjyny, begenjini paýlaşsa, ýene biri ylym hazynasydyr. Kitap okamagy halaýanlaryň kimisi ýagşylygy, dostlugy öwrenýän bolsa, kimisi goşgudyr nakyllary öwrenýärler. Kitaplar biziň ýakyn we wepaly dostlarymyzdyr.