Siziň üçin...Slider

Deňizden damja

01-05-2023 / 83

Adam akar suwa meňzeýär: bulanyk wagty düýbündäki merjenler, dürler görünmeýär. Şonuň üçin-de ony arassa, dury görnüşde saklajak bolmaly.
Jelaleddin RUMY.

Katra-katradan ýygnanan suw köl bolar.
Alyşir NOWAÝY.

Ýapdan akyp giden suw gaýdyp yzyna gelmez.
Sagdy ŞIRAZY.

Deňiz az diýmez bir damja suwa.
Ahmet ÝOGNAKLY.

Gara agaç miwe bermez, gögermez,
Suwsuz ýerden mekan olmaz, ýurt olmaz.
Soltan SANJAR.

Bulut hiç haçan deňziň üstüne sepelän damjasyna minnet etmeýär, sebäbi onuň suwy deňizden alnandyr.
Bedig USTURLABY.

Derýanyň kenarynda durup, mugallym: «Ähli zat, her bir gün, her bir gije şu suwlar ýaly akyp gidýär» diýdi.
KONFUSIÝ.

Suwy hyýalyňa getireniň bilen teşneligiňi gandyryp bilmersiň, ot hakda oýlananyň bilen ýylanmarsyň.
Ebu Bekir NESSEJ.

Çünki ýalpak suwlar beýniňi zäherleýär, bol suw ynsany arassalaýar.
POMPEÝ.

Biri ýata suwda diňe ýata suwy görýär, başga biri bolsa onda ýyldyzlary görýär.
L.N.TOLSTOÝ.

Toplan: Diýar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu