
Şa zenany Ýelizaweta aradan çykandan soň tagta çykjak şa Çarlzyň täç geýdirmek dabarasy şu ýylyň 6-njy maýynda Westminster Abbide geçiriler. Angliýanyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu ajaýyp güni üçin «Korolyň ömri» ady bilen şokolad heýkeli ýasaldy.
Häzirki wagtda Angliýanyň ähli ýerlerinde diýen ýaly uly höwes bilen bellenjek täç geýdirmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Heýkeltaraşlar we şokoladçylar topary birleşip şanyň şokoladdan Çarlzyň 23 kilogramlyk heýkelini ýasady. Ussat şokoladçy Jennifer Lindsi-Klarkyň ýolbaşçylygyndaky topar heýkeli döretmek üçin 4 hepdäniň dowamynda 130 sagat zähmet çekipdir. 17 litrden gowrak eredilen şokoladyň kömegi bilen ýasalan heýkeliň düzüminde dürli markalaryň şokoladlary ulanylypdyr.
Meýlis SABYROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



