PsihologiýaSlider

Reňkler we psihologiýa

28-04-2023 / 16

Çaganyň ilkinji görýän reňki gyzyldyr.

Ak reňk päkligi we arassalygy aňladýar. Şeýle hem, ak reňk yzygiderliligi we durnuklylygy aňladýar. Köplenç ak reňkli eşigiň geýilmegi hem şular bilen baglydyr.

Ýaşyl tebigatyň reňkidir. Ýaşyl reňk pugta ynamy hem aňladýar. Şol sebäpli banklaryň atlary ýaşyl reňkli harplar bilen ýazylýar. Ýaşyl reňk rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, döredijiligi, hyjuwy artdyrýar. Köp ýerlerde aşhanalar we ýatylýan otaglar ýaşyla boýalýar.

Sary reňk ynsany iň ajykdyryjy reňk hasaplanýar.

Reňkleri doly saýgarmaýan adamlaryň gijelerine göreji ýiti bolýar.

Goňur reňk adamlaryň çalasyn hereket etmeklerine täsir edýär. Şol sebäpli tiz tagam bişirilýän restoranlarda oturgyçlaryň we stollaryň reňki goňur, diwarlary bolsa açyk reňkde bolýar.

Gülgüne reňk ynsany köşeşdirýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu reňk köplenç gaharyň öňüni alýar.

Gök reňk dünýäde iň köp halanýan reňkdir.

Narynç reňki özüneçekiji, şatlandyryjy, göwnüňi göteriji häsiýetlere eýe. Bu reňk gan aýlanyşyňy çaltlandyryp, zehiniňi açýar. Çagalar otagy, aşhana we naharhana üçin iň amatly reňk narynçdyr. Emma bu reňk iş we dynç alyş otagy üçin maslahat berilmeýär.

Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu