
«Kill Your Darlings» filminiň surata düşürilen wagtynda tanyşyp, 2013-nji ýyldan bäri bilelikde ýaşaýan Daniel Radcliffe we Erin Darke, ilkinji çagasyny gujaklaryna aldy.
Dünýä belli «Garri Potter» filminiň baş gahrymany bolan Daniel Radcliffe kaka boldy. Ilkinji gezek kaka bolmagyň şatlygyny başdan geçirýän meşhur aktýor aýaly Erin Darke bilen Nýu-Ýorkuň köçelerinde gezelenç edip ýören wagty göründi.
Ýöne täze dünýä inen çaganyň jynsy we ady barada ikisi tarapyndan hem hiç hili maglumat paýlaşylmady. Daniel Radcliffe çagasynyň ýüzüni görkezmezlik üçin ak týul bilen örtüpdir.
«TürkmenGazet».



