27-nji aprelde biizň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimiziň Maglumat tehnologiýalar merkezinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Dünýäniň öňdebaryjy halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin indekslenýän neşirlerde ylmy işleriň çap edilmegi boýunça tejribe alyşmak» atly ylmy okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýöredýän reýtinglere goşulmak meselesinde indekslenýän halkara ylmy žurnallarda mugallymlaryň we talyplaryň ylmy hem-de usuly makalalarynyň çap edilmegini ýola goýmak maslahatlaşyldy. Bu babatda uniwersitetimiziň professor-mugallymlary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen tejribeleri paýlaşdylar.
Häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň derejesini, olaryň işiniň birnäçe ugurlaryny göz öňünde tutup bahalandyrýan hem-de öňdebaryjylyk jemleýji sanawyny ýöredýän birnäçe abraýly halkara reýtingleri bar. Olar ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag we taslama işlerine baha bermek hem-de seljermek işini garaşsyz alyp barmak bilen, şeýle maglumatlary indekslenýän neşirlerden alýarlar.
Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň senagaty ösdürmek guramasy UNIDO-nyň Aşgabatdaky guramasynyň Ozon ofisiniň gatnaşmagy bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň “Sowadyjy we howa ulgamlary” tejribehanasynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny bellemek gerek.
Ylmy okuw maslahaty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli reýtingleriň hasaba alýan sanawyna goşmakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolar.
Ýaran ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



