SliderŽurnalistiň sahypasy

Intellektual eýeçilik – adamzat ösüşiniň kämilleşmesi

26-04-2023 / 33

Häzirki zaman dünýäsi ylmy-tehniki ösüşleriň depginleriniň günsaýyn ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu gün täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň jemgyýetçilik durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan döwründe intellektual eýeçiligiň ösüşi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik adamyň aňynyň döredijiligini aňladýar. Onuň hukuk binýady her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygyny kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 26-njy aprelinde döwletimizde iri baýramçylyk çäresiniň biri bolan Bütindünýä intellektual eýeçiligiň güni giň gerimde bellenilip geçirilýär. Bu sene 1967-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk edýän abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär.

Ýurdumyzda ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň bir görnüşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Intellektual eýeçilik adam aňynyň döredenleriniň netijesinde emele gelýär. Jemgyýetiň ösüşiniň tutuş dowamynda adamlar hemişe täze maddy we ruhy gymmatlyklary döretmäge çalşypdyrlar. Munuň özi döwrebap innowasiýalar ulgamynyň kemala gelmegine itergi berýär. Innowasiýalary öz içine alýan intellektual eýeçilik adamzat ösüşiniň kämilleşmegini çaltlandyrýar we döredijilik pikirleriniň ösüşi üçin amatly şertleri döredýär.

Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu