
Şu gün – 26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlady. Iki günlük foruma dürli ýurtlardan bilermenleriň, hünärmenleriň, işewürleriňdir žurnalistleriň ýüzlerçesi gatnaşar. Olar öňdebaryjy energetika kompaniýalaryna, abraýly guramalara, ministrliklere, diplomatik wekilhanalara, banklara, gaznalara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik ederler.
Mälim bolşy ýaly, we onuň çäklerinden daşarda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreleriň ýokary derejede we giň düzümde geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär.
Bu barada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz:” “Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip belleýär.
“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýan bu halkara energetika forumyna BAE-niň Döwlet ministriniň, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasyndan, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşinden, BMG-niň degişli düzümlerinden ýokary wezipeli işgärleriň we jogapkär ýolbaşçylaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar. “Interfax”, “TRT Türk”, “Bloomberg news”, “Media Hup”, “National Gas World”, “Argus” ýaly meşhur habarlar gulluklarynyň birnäçesi bu forumyň media hyzmatdaşlary bolup çykyş edýär. Munuň özi foruma iňňän uly ähmiýet we üns berilýändigini tassyklaýar.
Tejribe alyşmakda, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde bu forumyň işiniň netijeli boljakdygyny aýdyp bolar.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



